× BAŞ SAHYPA BIZ BARADA ÖNÜMLER HABARLAŞMAK
EN RU

EYYAM GROUP sahypasyna hoş geldiňiz

Biz Türkmenistan we bütin dünýä boýunça işewür we indiwidual müşderilerimizi hilimiz bilen haýran galdyrýarys.

EYYAM Kompaniýa 2012-nji ýylda döredilip, Türkmenistanda iň abraýly kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Biziň üstünlikde, ugurtayjylykda, jogapkärçilikde we progressiw ösüşdäki öňdebaryjylykda barha artýan abraýymyz tötänleýin däldir. Ol, bu pudakdaky önümçiligimiziň ilkinji günlerinden bäri kompaniýamyzy ugrukdyrýan gymmatlyklarymyzyň tebigy netijesidir.

Önümçilik bölümi Änew etrabynda ýerleşip tejribeli inženerlerden, işçilerden we pudak hünärmenlerinden ybarat bolup, iň öňdebaryjy täze tehnologiýalary, enjamlary we ýokary hilli çig mallary ulanyp Türkmenistanda öndürilen önümlerini hödürleýär.

BIZ NÄME ÜPJÜN EDÝÄRIS?

Biziň üpjün edýän önümlerimizden isleseňiz standart görnüşlerinden ýa-da isleseňiz öz düzen dizaýnyňyz boýunça 304, 316 poslamaýan polatdan we 12/14/16/18 galyňlykdaky polat materiallaryndan ýasaljak önümleriňizi saýlap bilersiňiz.

ŞKAFLAR

16-20 ölçegli polatdan ýasalan ammar şkaflary ofisler, garažlar, edaralar, myhmanhanalar, restoranlar we barlaghanalar üçin amatlydyr.

ELEKTRIK KORPUSLAR

Doly elektrik korpuslaryň assortimenti öz içine standart korpus önümlerini alýar.

METAL GAPYLAR

Güýçlendirilen, agyr şertlerdäki ulanyş üçin ýasalan polat gapylar senagat, söwda, ýa-da ýaşaýyş jaýlarynda ulanmak üçin niýetlenendir.

TEKJE ULGAMLARY

Saklamaklygyň we görkezme üçin niýetlenen dürli pudakda ulanyp bolýan doly toplumdaky tekjeler, tekje ulgamlary we goşmaça enjamlar.

GYSSAGLY ÇYKYŞ GAPYLAR WE OT SÖNDÜRIJI ÜÇIN TEKJELER

Biziň esasy öndürýän önümlerimiziň biri Gyssagly Çykyş Gapylary we Ýangyn Söndüriji Gutular. Islendik zerurlyk we býudjet üçin bu önümleriň giň görnüşileri bar.

Biziň Önümçilik bölümimiz islegiňize we dizaýnyňyza görä zerur önümleri öndürmäge hem kömek edip biler.

BIZIŇ ABRAÝLY GLOBAL HYZMATDAŞLARYMYZ

Biz iň naýbaşy kompaniýalara müşderilerine ýakymly duýgulary we gymmatlyklary ýetirmäge ýardam berýändigimize buýsanýarys.